Arhiw

Türkmenistan Yslam döwletleriniň hokkeý assosiasiýasyny esaslandyryjylaryň biri boldy

13:0818.01.2023
0
19292

Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Yslam döwletlerinde hokkeýi ösdürmek boýunça halkara assosiasiýany döretmek baradaky şertnama gol çekildi. Bu barada «Ak Bars» hokkeý klubynyň resmi saýty habar berýär.

Bu şäherde yslam döwletleriniň we Tatarystan Respublikasynyň kubogy ugrunda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynyň çäklerinde degişli iş toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Taryhy şertnama şol mejlisde gol çekildi.

Şeýlelikde, 13 döwlet ― Alžir, Bahreýn, Oman, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan, Gazagystan, Marokko, Mongoliýa, Saud Arabystany, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan täze assosiasiýany esaslandyryjylar bolup çykyş etdiler. Assosiasiýa oňa agza döwletleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer.

Tatarystanyň Hokkeý federasiýasynyň prezidenti Nail Maganow merkezi edarasy Kazan şäherinde ýerleşýän assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy. Gyrgyzystanyň Hokkeý federasiýanyň prezidenti Anwar Omorkanow Aziýa, BAE-niň gyşky sport görnüşleri federasiýasynyň prezidenti Hamel Al-Kubeýsi bolsa Ýakyn Gündogar sebitleri bolsa wise-prezidentler boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň