Soňky habarlar

Arhiw

26-njy martda Türkmenistanda deputat saýlawlary geçiriler

21:5912.01.2023
0
50001

Şu gün «Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Kararda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň