Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisini kabul etdi

21:5411.01.2023
0
39476
Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlykda iki tarapyň mümkinçiliklerini has giňden peýdalanyp boljakdygyny belledi. Ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyny hasaba almak bilen, şol mümkinçilikleriň işjeň herekete girizilmelidigi nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan türkmen hem-de italýan halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Umumy pikire görä, Medeniýet günleriniň, sergileriň hem-de ylmy maslahatlaryň geçirilmegi arkaly, medeniýetleriň mundan beýläk-de özara baýlaşdyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Italiýa indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi-de uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri muňa mysal hökmünde görkezildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ilçini Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, şeýle-de deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik esasda guralýan döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Italiýa Respublikasynyň ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan türkmen-italýan gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen ugry dowam etjekdigine türkmen döwletiniň Baştutanyny ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň