Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde elektromobiller we elektrobuslar peýda bolar, türkmen alymlary topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmegiň täze usulyny teklip etdiler, Aşgabatda Täze ýyl ýarmarkalary açyldy

08:5023.12.2022
0
50677

1. Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ýerüsti jemgyýetçilik elektrik ulaglaryny işe girizmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri öwrenildi.

2. Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli dabaraly harby ýörişi geçiriler.

3. Türkmen alymlary topragyň şoruny azaltmagyň biologik usullaryny işläp düzdüler. Hususan-da, olar şor toprakly ýerlere ösümlik galyndylaryny ýaýratmaklygy teklip etdiler, bu şondan soňky şorlamagyň öňüni alyp biler.

4. Aşgabadyň ähli iri bazarlarynda Täze ýyl önümleriniň satuwy başlandy. Türkmen paýtagtyndaky tematiki ýarmarkalar Täze ýylyň öňüsyrasynda açyldy. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň bellemeklerine görä, şäherde baýramçylyk şowhuny duýulýar.

5. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin Moskwa – Türkmenbaşy we Kazan – Türkmenabat howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň satuwyny ýola goýdy. Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Türkmenbaşy şäherine awiapetekleriň bahasy – 28,439 rubldan, Kazandan Türkmenabat şäherine bolsa – 27,389 rubldan başlanýar.

6. Türkmenistan HHR-a tebigy gaz ibermekde öňdebaryjy orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň 11 aýynyň netijelerine görä, Hytaýa 9,28 mlrd dollarlyk gaz eksport edildi. Şol döwür üçin Russiýa ikinji orunda durýar, onuň üpjünçiliginiň mukdary 3,54 mlrd dollardan gowrak boldy. Mýanma üçünji orunda, Özbegistan dördünji orunda barýar, ondan soňra bolsa Gazagystan gelýär.

7. 2022-nji ýylyň 26-njy dekabryndan başlap, Özbegistanda hümmeti 1000 sum bolan täze teňňe dolanyşyga girer. Şaýy puluň içki bölegi sary reňkdedir we latundan ýasalandyr, daşky bölegi kümüşsöwdir we nikel bilen örtülendir.

8. Halkara kosmos stansiýasyndaky kosmonawtlaryň Täze ýyl saçagynda üýtgeşik tagamlar bolmaz. HKS-e iberilen ýükleriň soňkusy oktýabr aýynda gelipdi, indiki ýükleriň diňe 2023-nji ýylyň fewral aýynda gelmegine garaşylýar. Adatça, HKS-de kosmonawtlaryň gündelik iýmiti uçuşdan has öň meýilleşdirilýär. Ýöne olaryň maşgalalary üçin sargyt boýunça stansiýa aýratyn iýmit ibermek mümkinçiligi bar. Bu süýjülikler, şeýle-de deňiz önümleri, hozlar ýa-da dürli souslar bolup biler.

9. Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolandan soň Argentinanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda 2-nji orna geçdi. Braziliýanyň ýygyndysy sanawyň öňdäki ornunda galdy. Dünýä çempionatynyň finalçylary – Fransiýanyň ýygyndysy ilkinji üçlügi tamamlaýar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň sanawda 135-nji ornuny saklaýandygyny we Filippinler bilen Solomon adalarynyň arasynda ýerleşýändigini bellemek gerek.

10. Halkara olimpiýa komiteti taryhda ilkinji gezek erkeklere toparlaýyn sinhron ýüzmek ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat berdi.

11. «Tur de Frans» welomarafonynyň birinji tapgyry 2024-nji ýylda taryhda ilkinji gezek Italiýada geçiriler. Bu çözgüt italýan welosipedçi Ottawio Bottekkýanyň ilkinji ýeňşiniň 100 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň