Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda Täze ýyl söwdalary açyldy

18:1722.12.2022
0
38365
Aşgabatda Täze ýyl söwdalary açyldy
Surat: turkmenportal.com

Aşgabadyň ähli esasy bazarlary Täze ýyl önümlerini satyp başlady. Türkmen paýtagtynda Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylyk söwdalaryna badalga berildi diýip, «МИР 24» ýazýar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, şäherde baýramçylyk ruhy duýulýar. Bazarlarda elýeterli bahaly dürli görnüşli miweler satylýar.

«Aşgabatdaky iň uly bazarlaryň biri bolan Teke bazarynda süýjüleriň, kakadylan miweleriň we gök önümleriň, Täze ýyl arçalarydyr gülleriň söwdasyna badalga berildi. Müňlerçe ýyl mundan ozal bu ýerden Ýüpek ýoly geçipdir. Ençeme asyrlardan soň ýene ähli ýollar bu ýere gelýän ýaly. Täze ýyl baýramçylygy üçin bazarda sowgatlar toplumyny hödürleýän 40-dan gowrak dükan açyldy» diýlip habarda aýdylýar.

Satyjy Begençmyrat Ataýewiň aýtmagyna görä, adamlar bezeg üçin Täze ýyl arçalaryny, dürli görnüşli yşyklandyryjylary satyn alýarlar. Çagalar üçin karnawal eşikleri we ýumşak oýunjaklar hem uly islege eýe. Bu her ýyla mahsus ýagdaý.

Ozal baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabatda 500-den gowrak Täze ýyl arçalarynyň bezelendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň