Arkadag şäheri Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanyljak ilkinji şäheri bolar

10:0122.12.2022
0
124934

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew Hökümetiň düýn geçirilen göçme mejlisinde döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Jemgyýetçilik ulaglarynda ornaşdyrylan enjamlar arkaly ýolagçylardan buýurmalaryň we tölegleriň sanly ulgamyň üsti bilen kabul ediljekdigi aýdyldy. Şeýle hem ulaglaryň ýol hatlary sanly ulgam arkaly ulanylar, olaryň hereketlerine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler. Mundan başga-da, ulanyljak elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylary, ugurlarynyň ady we belgisi, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite ykjam mobil programma üpjünçiligini döretmek meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan» gazeti şäherde «Ýutong» kysymly elektrobuslaryň we «Jac E-J7» kysymly ýeňil elektromobilleriň hyzmatyndan peýdalanyljakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň