Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýöriş geçiriler

23:2621.12.2022
0
33835

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze gurulýan döwrebap edara ediş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, onda ýaýbaňlandyryljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň milli ruha kybap derejede guralmalydygyna ünsi çekmek bilen, bu taryhy ähmiýetli waka häzirden taýýarlyk görmelidigini belledi we birnäçe ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýörişi geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň