Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşinde, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdaky BMG gurluş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.
DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan esasy üstünliklere, 2022-nji ýyl üçin Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Ýol kartasyna seredilip geçildi. Şol bir wagtyň özünde, taraplar kanunyň hökmürowanlygy, ykdysadyýet, ekologiýa, saglyk we bilim pudaklaryny öz içine alýan Çarçuwaly Maksatnamanyň bäş maksatly toparynyň meseleleriniň gidişi barada jikme-jik pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow gatnaşyjylaryň ünsüni aşakdaky ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirdi:
- «ýaşyl» ykdysadyýeti üpjün etmek we bu ugurda degişli konsepsiýalary hödürlemek;
- häzirki zaman ýaşyl tehnologiýalary ulanmak arkaly azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi;
- sanlylaşdyrmak we maglumatlary dolandyrmak;
- mekdebe we hünär bilimine ünsi jemläp bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek;
- saglygy goraýyş mümkinçiliklerini güýçlendirmek;
- Türkmenistanda adam hukuklary institutlaryny ösdürmek, hususan-da adam hukuklary boýunça komissaryň düzüminde ýöriteleşdirilen ugurlary döretmek;
- ösen okuw ulgamlaryna, şol sanda BMG-niň çäginde diplomatlar we beýleki döwlet işgärleri bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine garamak.
Şunuň bilen baglylykda, milli hyzmatdaşlar, Toparlaryň içindäki BMG-niň degişli edaralary bilen bilelikde ýokardaky ugurlaryň durmuşa geçirilmegine ünsi çekmek bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň 2023-nji ýyl üçin «Ýol kartasynyň» taýýarlanylyşyna garamak teklip edildi.