Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bali adasyna suw ýetmezçiligi howp salýar

15:0315.12.2022
0
18333
Bali adasyna suw ýetmezçiligi howp salýar
Surat: putidorogi-nn.ru

Indoneziýanyň Bali adasyna we ol ýerdäki ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýerlere suw gytlygy abanýar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, muňa adada jahankeşdeligiň ösmegi, ilatyň artmagy we suw gorlarynyň bisarpa peýdalanylmagy sebäp bolýar diýip, «Habar 24» ýazýar.

1980-2020-nji ýyllar aralygynda adanyň ilaty 70 göterimden hem köpelip, 4 million adamdan geçipdir. Bu maglumatlary Indoneziýanyň hökümeti adada geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri esasynda habar berýär.

Suw ýetmezçiligi eýýäm Baliniň demirgazyk-günbatarynda duýulýar. Ekologlardyr işjeňler ýagdaýyň gitdigiçe ýaramazlaşjakdygyny çaklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň