Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew strategik hyzmatdaşlygy ösürmek boýunça maslahatlaşdylar

12:1414.12.2022
0
26879
Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew strategik hyzmatdaşlygy ösürmek boýunça maslahatlaşdylar
Surat: trend.az

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljek ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Ykdysady hyzmatdaşyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler, toparyň nobatdaky mejlisi 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Baku şäherinde geçirildi.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.

Söhbetdeşler ynsanperwer, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň