Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

11:5214.12.2022
0
29847
Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Surat: tccb.gov.t

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň Prezidentleriniň ilkinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin, düýn sapar bilen Türkmenbaşy şäherine gelen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşyk Awazadaky Kongresler merkezinde geçirildi diýlip, türk Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-türk dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli strategik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň