Awazada Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri gepleşik geçirdiler

16:4313.12.2022
0
30307
Awazada Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri gepleşik geçirdiler
Surat: aa.com.tr

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy diýip, «Anadolu Aajansi» habarlar gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň daşary işler ministri türki döwletleriň, şol sanda Türki döwletleriň guramasynyň (OTG) çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyna ünsi çekdi.

Çawuşoglynyň sözlerine görä, ertir — 14-nji dekabrda geçiriljek üçtaraplaýyn sammitiň dowamynda we ýakyn wagtda geçiriljek Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Liderleriniň sammitiniň çäginde söwda, energetika, ykdysadyýet, däp-dessurlar, bilim, ylym we medeniýet hem-de ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Onuň dowamynda döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň