Ýabany hind guşlary bütin şäheri gorkuzýar

11:2330.11.2022
0
15764
Ýabany hind guşlary bütin şäheri gorkuzýar
Surat: scoop.upworthy.com

Ýabany hind guşlary ABŞ-da tutuş şäheriň ilatyny gorkuzýarlar, olar adamlary gördükleri, hüjüm etmäge başlaýarlar diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Gürrüň Massaçusets ştatynyň Wubern şäheri barada barýar, şäheriň ýaşaýjysy Migan Tolson habarçylara öz öýüniň öňündäki çemenlikde bäş sany hind guşunyň ýerleşendigini, olaryň köçä çykmaga idin bermeýändigini, gördükleri topulýandyklaryny gürrüň berdi. «Hind guşlary irden öýümiň öňündäki otlujak ýerimde oýanyp, bizi yzarlap başlaýarlar» diýip, hanym Tolson zeýrenýär. Beýleki ýaşaýjylaryň hem ýagdaýy şeýle.

Ştatyň Ýabany tebigat boýunça edarasynyň wekili Dewid Skarpitti bu ýagdaýyň adamlara öwrenişen hind guşlary üçin häsiýetlidigini gürrüň berýär. «Olar aýratyn-da adamyň elinden iýmitlenenlerinde, iým talap edip özlerini ýaramaz alyp barýarlar. Emma guşlardan gaçmak welin ýalňyşlykdyr, olar gaçýan adam gorkýar diýip, has-da hüjüm ederler» diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi. Ol Wuberniň ýaşaýjylaryna goranmak üçin ýanlarynda saýawan göterip, ony yzygiderli açmak bilen guşlary gorkuzmagy maslahat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň