Soňky habarlar

Arhiw

AHHG-niň Duşenbede geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär

22:1725.11.2022
0
27419

28-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu mejlise gatnaşmaga taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatynda aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Aral ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, munuň özi diňe bir sebit derejesinde däl, dünýä möçberinde-de uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň