Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ekologiýa boýunça açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar

10:2123.11.2022
0
25408

5-nji dekabrda Türkmenistanda ekologiýa boýunça ilkinji Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, S.A.Nyýazowyň adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti Olimpiadany guraýjy hökmünde Türkmenistanyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny oňa işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Internet olimpiadasy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriler we dürli ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine, şeýle hem ylmy maglumatlaryň özara peýdaly alyş-çalşygyna, häzirki zaman ylmynyň teoretiki we amaly meselelerini öwrenmäge mümkinçilik döreder.

Hasaba alyş 2022-nji ýylyň 2-nji dekabryna sagat 23:00-a (GMT + 5) çenli dowam eder. Hasaba alyş tertibi bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Olimpiada barada goşmaça maglumatlar uniwersitetiň tohu.edu.tm resmi web sahypasynda «Olimpiada-2022» bölüminde ýerleşdiriler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312342680, +99365817463.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň