Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygy «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden bilen sylaglandy

20:0018.11.2022
0
20024
Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygy «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden bilen sylaglandy
Surat: aa.com.tr

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Şunda kanunçykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň ýurdumyza bolan saparynyň bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi bellenildi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, jenap Mustafa Şentopyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigini hem-de hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagyna goşant goşýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygyna «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň