«Mähirli Zenanda» 30% çenli baýramçylyk arzanladyşy yglan edildi

12:1415.11.2022
0
24080

«Mähirli Zenan» dükanynda 13-nji noýabrdan 12-nji dekabra çenli aralykda ýetip gelýän Bitaraplyk baýramy mynasybetli arzanladyşlar yglan edilýär.

Bir aýyň dowamynda «Mähirli Zenanyň» milli görnüşde tikilen özboluşly lybaslaryny 10, 20 we 30 göterim arzan bahadan satyn almak mümkindir. «Mähirli Zenan» milli haryt nyşanynyň muşdaklaryna ýüpekden, mahmaldan, keteniden we beýleki matalardan köýnekler, daşky geýimler, çagytlar, seçekli ýüpek ýaglyklar, şeýle hem çaga egin-eşikleri hödürlenýär. Ähli görnüşler türkmen milli keşdeleri bilen bezelendir.

«Mähirli Zenanyň» hödürleýän lybaslaryny «Bagtyýarlyk» SDAM-niň 1-nji gatynda satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 81 42 40. «Mähirli Zenanyň» modelýerleriniň sungaty kompaniýanyň sosial ulgamdaky sahypasynda hem görkezilendir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň