«Mähirli Zenanyň» lybaslary «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna bezeg berdi

08:4925.10.2022
0
28901

«Mähirli Zenan» hususy kärhanasy «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşan çagalar üçin özbek milli lybaslaryny taýýarlamak boýunça sargydy üstünlikli ýerine ýetirdi.

Aşgabatdaky türkmen we özbek halklarynyň mäkäm dost-doganlyk baglanyşygyny alamatlandyrýan täze dynç alyş seýilgähi şu ýylyň 21-nji oktýabrynda iki ýurduň Liderleriniň – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda açyldy. «Mähirli Zenanyň» hünärmenleri tarapyndan uly mähir we söýgi bilen döredilen ýaşajyk artistleriň lybaslary bolsa dostluk baýramçylygynyň maksatnamasynyň bezegine öwrüldi.

Ýatlatsak, zenanlar we erkekler üçin milli egin-eşikleriň döwrebap görnüşlerini döretmek bilen bir hatarda, «Mähirli Zenan» döwlet baýramçylyklarynyň çäreleri üçin lybaslary, çagalar we ýetginjekler üçin rahat trikotaž geýimleri, ýurdumyzyň dürli edaralarynyň sargytlary boýunça ýörite lybaslary taýýarlamak bilen meşgullanýar.

«Mähirli Zenan» milli baýramçylyk däp-dessurlaryny giňden ýaýratmak maksady bilen, özboluşly saçaklary we gelinleriň halatlary üçin owadan bezegleri – bukjalary hem taýýarlaýar.

«Mähirli Zenan» döwrebap egin-eşik dükanynyň «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň