Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» «Köpetdagy» ýeňip, ornuna geçdi

20:5013.11.2022
0
11967

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary milli çempionatyň 20-nji tapgyrynda «Köpetdagy» kabul edip, güýçli garşydaşyndan 2:1 hasabynda rüstem geldi.

Ýeňiji toparyň gollaryny Mekan Aşyrow (33-nji minutda) bilen Hakmuhammet Bäşimow (50-nji minutda) geçirdi. «Köpetdagdan» bolsa 66-njy minutda Serdarmyrat Baýramow tapawutlandy.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» ýaryş tertibinde dördünji basgançaga göterildi. Häzir «Şagadamda-da», «Köpetdagda-da» 28 utuk bar. Ýöne käbir görkezijiler boýunça «Şagadam» öňe saýlanýar.

«Köpetdag» indi 18-nji noýabr güni «Energetigi» kabul eder. «Şagadam» şol gün Maryda «Merw» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň