Soňky habarlar

Arhiw

XV «Türkmentel-2022» halkara ylmy maslahatyň birinji güni tamamlandy

18:1810.11.2022
0
24875
XV «Türkmentel-2022» halkara ylmy maslahatyň birinji güni tamamlandy

Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2022» atly XV Halkara sergi we ylmy maslahatynyň ilkinji güni tamamlandy.

Şu günki maslahatyň dowamynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça ýerli we daşary ýurtly hünärmenler, halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

«Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek — Türkmenistanyň sosial-ykdysady pudagyny sanlaşdyrmagyň esasy ugry» atly umumy maslahatda sebit we halkara hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maslahata «SSI-MonacoSat»-yň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Ilgami Aýgun ýolbaşçylyk etdi.

«Täze hemra tehnologiýalary we amaly programmalary» atly maslahatyň ikinji bölümine «SSI-MonakoSat»-nyň prezidentiniň baş geňeşçisi we baş müdiri Mesut Çiçeker ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatyň dowamynda ilkinji Türkmen emeli hemrasy bolan «TurkmenAlem 52E»-niň hyzmat möhletiniň ýarysyny geçendigi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin elýeterli hemra tehnologiýalary, amaly programmalar we olaryň sosial-ykdysady peýdalary barada maslahatlaşyldy.

11-nji noýabrda konferensiýanyň işi dowam etdiriler. Onda mobil aragatnaşygynyň ösüşi we kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelere serediler.


«Türkmentel — 2022» Halkara sergisi we maslahatyndan fotoreportaž

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň