Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaka Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Rişi Sunaka tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.