Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Ahal» «Altyn asyry» ýeňip, finala bir ädim ýakynlaşdy

21:2226.10.2022
0
20481

«Ahal» Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda «Altyn asyry» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Aşgabat şäherinde geçirildi.

Ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini hem Didar Durdyýew geçirdi. Ol 13-nji we 25-nji minutlarda tapawutlandy. «Altyn asyryň» ýeke-täk goluny bolsa 65-nji minutda Yhlas Toýjanow öz adyna ýazdyrdy.

Duşuşygy toparlaryň ikisi hem 10 futbolçy bilen tamamlady. Ikinji ýarymyň ortalarynda «Altyn asyrdan» Furkat Tursunow, «Ahaldan» bolsa Meýlis Diniýew eminden gyzyl kart aldy.

Iki topar 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde hem duşuşypdylar. Büzmeýindäki Sport toplumynda geçirilen şol duşuşykda hasap açylmandy.

Jogap duşuşygy 22-nji noýabrda, final bolsa 11-nji dekabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň