Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 100-ligine girdi

13:1625.10.2022
0
46069
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti  dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 100-ligine girdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hukuk ugry boýunça bilim berýän dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girdi. Bu sanaw Nica.team tarapyndan her kalendar ýyly üçin dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk ugry boýunça halkara bäsleşiklerde gazanan netijeler esasynda taýýarlanylýar.

Sanawa 13482 sany ýokary okuw mekdebi gatnaşdy we netijeler esasynda dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 1677 sanysy hasaba alyndy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bu sanawa talyplarynyň şu ýyl F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara bäsleşikde gazanan ýeňşi üçin girendigi bellärliklidir.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanda 1-nji, Aziýada 35-nji we dünýäde 96-njy ýerde durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň