Dubaýdaky «Geljegiň muzeýi» android-roboty işe kabul etdi

14:0012.10.2022
0
17156

Dubaýdaky «Geljegiň muzeýine» täze işgär alyndy, indi muzeýe gelýänleri robot-android girelgede garşylaýar diýip, «MIR 24» habar berýär.

«Ameka» diýlip at berlen android dünýäde iň adama meňzeş robotdyr. Onuň esasy işi adamlar bilen sözleşmek bolup durýar. Amekanyň şeýlebir animirlenen ýüz-keşbi bolup, ol haýran galmagy, şatlygy, gussany we öýkedir gahary aňladyp bilýär. Android ellerini aňsat hereketlendirýär, daş-töweregindäki zatlary tanaýar.

Geljekde muzeý britan kompaniýasyndan şeýle robotlar toparyny satyn almagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň