Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel kärhanasy öýler üçin islendik hili kitap tekjelerini ýasaýar

09:5811.10.2022
0
14327

Meşhur amerikan ýazyjysy Stiwen Kingiň belläp geçen şeýle jümlesi bar: «Ähli zat bolmajagyna tutup duran bolsa, bar zady taşla-da kitaphana git...».

Ýöne öz öýüňde ýa-da ofisiň içinde kiçijik kitaphana barka haýsydyr bir ýere kitap okamaga gidip oturmagyň zerurlygy näme? Onsoňam, kitap her birimiziň öýümizde diýen ýaly bar. Şonda-da, olary aýap, arassa ýygşyryp saklamasak bolmaz, olaryň daşy we soňlugy bilen sahypalary zaýalanar.

Bu meseleden dynmagyň amatly hem ýerlikli çözgüdi babatda gürrüň edilse, Türkmenistanyň mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Aýbölek» kärhanasynyň önümlerine mysal hökmünde ýüzlenmek bolar.

Kitap tekjesi babatda bolsa bu kärhanada onuň korpusly, gurnama, modully we kombinirlenen ýaly dürli hili görnüşlerini ýasadyp bolýar.

Kombinirlenen tekjeleri, adatça çagalar otagynda gurnaýarlar. Bu mebel gurnamalary çagalaryň özbaşdak işlemek şertini döretmäge ýardam edýär. Onuň käbir görnüşlerinde kompýuter stoly hem göz öňüne tutulan. Onuň gözlerinde bolsa kitaplardan ýa-da okuw gollanmalaryndan başga-da, dürli hili oýunjaklary goýup bolýar.

Işewürlik interýeri üçin bolsa kitaplary tygşytly ýygşyryp biljek korpusly tekjeler laýyk bolar. Olar ykjam we köptaraply bolýar. Şeýle-de olary islendik wagt öz islegiňe görä başga ýerde gurnap bolýar.

Iň bir ygtybarly kitap tekjesi diýip, poldan potologa çenli uzaýan gurnama tekjäni mysal getirmek bolar. Onuň birnäçe sany stellažynda kitaplary has owadan görnüşde örüp bolýar. Bu hili tekjelerde ýokarky we aşaky paneller bolmaýar.

Kärhananyň hünärmenleri bolsa şunuň bilen baglylykda, tekjäniň nähili görnüşde boljakdygynyň diňe müşderiniň islegine baglydygyny belleýärler.

Tekjeleriň dizaýny, reňki, ölçegi, furniturasy, bezegleri, goşmaça tekjeleriň we aýnalaryň ýerleşdirilmegi ýaly aýratynlyklary alyjynyň öz saýlawyna görä düzülýär. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan her bir tekje uzak möhletleýin ulanmaga kepillendirilýär.

Bellesek, «Aýbölek» mebel kärhanasy mebel önümleriniň islendik görnüşini, şol sanda modul mebelini hem öndürmäge ýöriteleşendir. Bu ýerdäki hünärmenler mebelleri isleg bildirilýän dürli ölçeglere laýyk edip taýýarlaýarlar. Olar öz işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary we metal, DSP, MDF we ýokary berklikdäki plastik ýaly materiallary ulanýarlar.

Kärhana okuw partalarynyň toplumyndan başlap, synp tagtasyna çenli we beýleki zerur mebelleri öndürýär. «Aýbölegiň» mebel önümleri Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Gazagystana we Özbegistana eksport edilýär. Mundan başga hem kärhananyň birnäçe sany halkara önümçilik hil standartlaryna kybap gelýän tejribesiniň bardygyny bellemek hökmanydyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň