Soňky habarlar

Arhiw

«Mobile tm» onlaýn-dükanynda geýmerler üçin dürli görnüşli harytlar ýetirilýär

12:5806.10.2022
0
19256

«Mobile tm» onlaýn-dükany smartfonlarda we kompýuterlerde oýun oýnamagy halaýanlar üçin bu ugurda oýunlary has oňaýly we köp mümkinçilikli oýnamaga ýardam edýän ýörite niýetlenen harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Dükanyň saýtynda «Gubg» ýaly atyşly oýunlaryň täsirliligini has-da artdyrmak üçin dürli hili kontrollerleri tapmak bolýar. Dükanda hödürlenýän käbir portatiw enjamlar bolsa smartonlary aýratyn klawiaturaly we syçanjykly oýun enjamyna hem öwrüp biler.

Smartfonlaryň, planşetleriň ýa-da noutbuklaryň käbir uly göwrümli oýunlar oýnalan mahaly gyzmazlygy üçin niýetlenen mini-kulerler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bulardan başga hem «Mobile tm» onlaýn-dükanynda oýun oýnaýanlaryň ýokary netijeleri gazanyp, üstünliklere eýe bolmagyna ýardam edip biljek dürli hili enjamlar, şeýle-de «PlayStation» oýun konsollary, dürli hili geýmpadlar, wirtual reallyk başgaplary we beýleki harytlar alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Telefon belgileri: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90;
  • IMO hasaby: (+993 65) 80 90 90;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň