Soňky habarlar

Arhiw

«Mobile tm» internet dükany smartfonlary we beýleki enjamlary Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltip berýär

09:2006.09.2022
0
14646

«Mobile tm» internet dükany alyjylara smartfonlary we beýleki gündelik peýdalanylýan, şeýle-de seýrek tapdyrýan enjamlaryň görnüşlerini Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Dükandan 5 müň manat we ondan köp möçberde söwda edilen ýagdaýynda harytlar tölegsiz eltilip berilýär. Aşgabat şäheriniň çägine eltip berme hyzmatynyň tölegi bolsa 20 manatdyr. Sargytlary çaparlardan ibermek arkaly eltip bermek hyzmatynyň tölegi ýurduň beýleki ýerlerine sargyt edijiniň salgysynyň dükandan uzakdalygyna görä 30 manatdan 80 manada çenli alynýar.

«Mobile tm» internet dükany ýurduň başga ýerlerinden tapmasy kyn bolan gyt enjamlary hem tapmak mümkinçiligini hödürleýär. Saýtda ykjam we öý telefonlary, «akylly» sagatlar, Bluetooth birikmeli nauşnikler, akkumulýatorlar, smartfonlar üçin gapjyklar, oýun joýstikleri we başga-da köp sanly haryt görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Internet dükany ýakynlaryňyza we dostlaryňyza sowgat taýýarlamakda hem ajaýyp çözgüt bolup biler. Dükanyň giň haryt görnüşleriniň içinden gündelik peýdalanyp boljak hem-de durmuşyňyzy görnetin ýeňilleşdirjek enjamlaryň özüňize laýygyny tapyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90;
  • IMO hasaby: (+993 65) 80 90 90;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň