«Mobile tm» onlaýn dükany ykjam telefonlaryň we aksessuarlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

10:0320.06.2022
0
14319

«Mobile tm» internet dükanynda ykjam telefonlaryň, enjamlaryň, aksessuarlaryň we beýleki düzüm bölekleriniň giň görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Saýtyň sahypalaryndan «Apple», «Samsung», «Xiaomi» ýaly iri kompaniýalaryň smartfonlaryny, «Nokia», «LG», «Alcatel» ýaly kompaniýalaryň düwmeli telefonlaryny we başga-da dürli hili telefon enjamlaryny tapmak bolýar.

«Mobile tm» dükanynda telefonlar bilen birlikde telefon daşlyklarynyň, simsiz nauşnikleriň, gorag ekran örtükleriniň, USB kabelleriň we batareýalaryň göwnüňize ýaran görnüşini ýeňillik bilen saýlap bilersiňiz.

Bu ýerde diňe bir telefon däl-de, eýsem el sagatlary, fitnes brasletler we beýleki elektronika enjamlary hem satylýar. Olaryň reňk we görnüş babatda köp sanly modellerini, şeýle hem kemerlerini dürli deri ýa-da rezin görnüşlerinden saýlap almak mümkindir.

«Mobile tm» dükany adyna görä diňe bir mobil enjamlaryna ýöriteleşmeýär. Dükanyň saýtynyň sahypalarynda öý-hojalyk elektronika enjamlary, «akylly» enjamlar, şol sanda wideooýun joýstikleri, howa tämizleýjiler, aşhana enjamlary we şu hili başga-da köp dürli harytlar onlaýn görnüşde alyjylara tanyşdyrylýar.

Internet dükandan sargyt etmek üçin saýtda hasaba alynmalydyr. 5000 manatdan ýokary söwda edilen ýagdaýynda Aşgabat şäheriniň çägine we ýurduň welaýatlaryna eltip bermek hyzmaty tölegsiz amala aşyrylar.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: +99312 42 04 05, +99365 80 90 90;
  • IMO: +993 65 80 90 90;
  • Sosial ulgamdaky hasaby;
  • Web salgysy: mobile.com.tm.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň