Soňky habarlar

Arhiw

«Mobile tm» onlaýn dükanyndan «akylly» sagatlary we goşarlyklary amatly bahadan tapmak bolýar

15:4329.08.2022
0
15671

«Mobile tm» onlaýn dükanynyň «Akylly sagatlar» bölümçesinde amatly bahalary hem-de taýýarlanyş hili bilen tapawutlanýan goşarlyk enjamlaryň onlarça dürli görnüşleri alyjylara ýetirilendir.

Saýtyň sahypasynda ýerleşdirilen enjam kysymlarynyň köpüsi ulanyjynyň saglyk ýagdaýyny we işjeňligini, ýagny ädilen ädimleriň sanyny, ýürek urgusynyň ýygylygyny, ukusynyň kada laýyklygyny we beýleki ýagdaýlary anyk kesgitlemäge ýardam edýär. Bu ýerdäki sport goşarlyklary bolsa sport türgenleşikleriniň dowamynda ulanyjynyň näçe mukdarda kaloriýa ýakýandygyny hasaplamak bilen, bu babatda türgenleşikleri has işjeňleşdirmekde degerli maslahatlary berýär.

«Mobile tm» onlaýn dükany Türkmenistanda känbir tapdyrmaýan, gyt elektron enjamlaryň giň görnüşlerini özünde jemleýär. Köp aýrtynlyklary ýerine ýetirýän enjamlary halaýanlar üçin bolsa Bluetooth baglanmasy bolan enjamlar arkaly telefon gepleşiklerini guramaga mümkinçilik berýän «akylly» sagatlar has ýerliklidir.

«Akylly» sagatlar we goşarlyklar gezelençde we sport bilen meşgullanmakda, şeýle-de ulagda mahalyň wagtynda habarly edýän oňaýly enjamlardyr. Smartfona birikdirilen ýagdaýynda olar ulanyja gelýän jaňlary almaga ýa-da jogap bermäge şerti bolmadyk mahaly jaňlary öçürmäge ýardam edýän, şeýle-de SMS habarnamalaryny ugratmaga niýetlenen ýardamçydyr.

Bulardan başga-da, onlaýn dükanyň haryt görnüşlerinde smartfonlaryň, öý telefonlarynyň, Bluetooth baglanasy bolan nauşnikleriň we beýleki peýdaly enjmalaryň ýüzlerçe dürli görnüşi müşderilere hödürlenýär. Dükanyň harytlary bir aýlyk kepillendirilýär we Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltilip berilýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň