Soňky habarlar

Arhiw

«Mobile tm» internet-dükanynda islendik bahadan mobil telefonlary satyn alyp bilersiňiz

11:5622.08.2022
0
25956
«Mobile tm» internet-dükanynda islendik bahadan mobil telefonlary satyn alyp bilersiňiz

«Mobile tm» internet-dükanynyň «Mobil telefonlar» bölüminde islendik bahaly we görnüşli enjamlar hödürlenýär. Dükan Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna eltip bermek hyzmatyny hem amala aşyrýar.

Saýtda «Xiaomi», «Samsung» и «Apple» ýaly öndürijileriň döwrebap smartfonlary we planşetleri bilen bir hatarda, «Nokia», «LG», «Alcatel» we beýleki kompaniýalaryň «adaty» telefonlaryny hem tapmak mümkindir. Harytlaryň arasynda Aşgabat şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) CDMA torunda işleýän mobil telefonlar hem hödürlenýär.

Saýtda her enjam barada anyk maglumat we dürli tarapdan düşürilen suratlary ýerleşdirilendir. Göwnüňize ýaran telefonlary «Saýlananlar» bölümine goşup, olaryň aýratynlyklaryny deňeşdirmek we özüňiz üçin iň amatlysyny saýlamak mümkinçiligi döredilendir.

Internet-dükanynda mobil telefonlaryň bahalary yzygiderli arzanladylýar. Mysal üçin, «Xiaomi Redmi 11 Ultra» smartfonyny häzir 29% arzanladyş bilen – başlangyç nyrhyndan 6 müň manada golaý arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz.

Hödürlenýän harytlaryň hatarynda adaty görnüşli enjamlardan başga-da, telefonlaryň rasiýa we öý enjamlary şekilindäki täsin görnüşleri hem bardyr. Nusgawy görnüşleri halaýanlar üçin «Nokia-nyň» «eplenýän» telefony hem duş gelýär.

«Mobile tm» internet-dükanynda beýleki enjamlary hem sargyt edip bilersiňiz, şol sanda «akylly» we adaty sagatlar, Bluetooth-gulaklyklar, şeýle hem goşmaça enjamlar. Enjamlara 1 aý kepillik berilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • telefonlar: +99312 42 04 05, +99365 80 90 90;
  • IMO: +993 65 80 90 90;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • web-salgysy: mobile.com.tm.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň