Halaç etrabynda dokalýan namazlyk halylaryny Türkmenistanyň islendik ýerine sargyt edip bolýar

13:3003.10.2022
0
25388

Namazlyk halylary — bu her bir musulmanyň namaz okamagy üçin zerur bolan oňaýly halylardyr. Bu namazlyk halylary Halaç etrabynda müşderiniň islegine görä sargyt esasynda dürli görnüşde we ölçeglerde, şeýle-de özbaşdak ulanmak ýa-da sowgatlyk üçin elde dokap berýär.

Halajyň ussat halyçylarynyñ goýun ýüňünden dokaýan namazlyk halylary ýokary derejedäki hili we berkligi bilen tapawutlanyp, uzak ýyllaryň dowamynda asylky durkuny saklaýar.

Gözelligi bilen haýran galdyrýan Halajyň haly önümleriniň diňe bir Türkmenistanda haly söýüjiler tarapyndan däl-de, eýsem, dünýäniň islendik künjeginden bolan türkmen halylaryna isleg bildirýänler tarapyndan hem sargyt edilip bilinjekdigi bellärliklidir.

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniñ hünärmenleri bilen (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99 telefon belgileri arkaly ýa-da sosial media ulgamyndaky hasaby boýunça habarlaşyp bilersiňiz. Kärhananyň şeýle-de turkmen-carpets.com salgyly resmi saýty hem bar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň