Pakistan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarly. Bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Şahbaz Şerifiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda beýan edildi.
«Pakistan gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarda, esasanam energiýa we aragatnaşyk pudagyndaky bilelikdäki taslamalarda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýär.
Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna borçlanýarys.Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hasam çuňlaşdyryp biljekdigimize ynanýaryn» diýlip, Şahbaz Şerifiň hatynda bellenilýär.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Uzynlygy 1814 kilometre barabar we ýylda 33 milliard kub metr kuwwatlylygy bolan TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta hem-de Multan şäherleriniň üstünden geçer we Hindistanyň Fazilka diýen ilatly ýerine baryp ýeter.
Taslamanyň umumy bahasy 8 — 10 milliard dollar diýlip çaklanylýar.