Turkmenportal logo
29.09.22
2560325603
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Şu gün ― 29-njy sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda 11-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty tapgyryň duşuşyklarynyň ikisiniň şu gün, galan ikisiniň ertir ― 30-njy sentýabrda geçiriljekdigini habar berdi.


Şu günki duşuşyklaryň biri Aşgabat, ikinjisi Mary şäherlerinde geçiriler. Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda öýlän sagat 16:30-da başlanjak duşuşykda «Aşgabat» «Energetigi» kabul eder. Duşuşygyň baş emini paýtagtly hünärmen Akmyrat Gurbanow bolar.


Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda ýerli «Merw» «Nebitçini» kabul eder. Bu duşuşyk hem 16:30-da başlanar. TFF-niň eminler bölümi duşuşygyň baş emini bolmagy paýtagtly Jumamyrat Jumamyradowa ynandy.


Möwsümiň çempionlygy üçin göreş alyp barýan «Ahal» we «Altyn asyr» toparlarynyň geçirjek duşuşyklaryna ertir ― 30-njy sentýabrda şaýat bolarys. «Altyn asyr» «Köpetdag» stadionynda bu sport toplumy bilen adybir toparyň myhmany bolar. 16:30-da başlanjak duşuşygyň baş emini balkanabatly Saparmyrat Gurbanow bolar.


Sagat 17-de Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» stadionynda geçiriljek duşuşyk tapgyryň esasy oýny bolar. Onda ýerli «Şagadam» ýaryşyň öňdebaryjysy «Ahaly» kabul eder. TFF bu duşuşygy alyp barmagy tejenli emin Arslan Goşşanowa ynandy.