Turkmenportal logo
03.05.25
4341743417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.