Internet arkaly wideojaňlar üçin niýetlenen «Skype» messenjeri 5-nji maýda işini bes eder. Bu barada «Microsoft» kompaniýasynyň metbugat gullugynda habar berdiler diýip, «Radio 1» neşirine salgylanýan «caliber.az» ýazýar.
Habarda messenjeri ulanyjylaryň ähli hasaba alnyş ýazgylarynyň awtomatik usulda wideo, jaňlar, çatlar, senenama we duşuşyklar mümkin bolan «Microsoft Teams» priloženiýesine geçiriljekdigi aýdylýar.
Mugt jaňlar üçin «Skype» serwisi 2003-nji ýylda işe goýberilen dessine özüniň innowasion hem-de bütin dünýäde mugt jaňlary amala aşyrmak mümkinçilikleri sebäpli uly meşhurlyk gazandy. Meşhurlygynyň iň gyzyşan döwründe ondan iki milliarda golaý adam peýdalandy, emma COVID-19 ýokanjyndan soňra «Skype» bazarda öňdeligi elden giderdi we beýleki meňzeş serwislerden yza galdy.
Netijede, «Microsoft» kompaniýasy onuň işini doly bes etmek barada karara geldi.