Kazandan Türkmenabada uçmak üçin boş orunlar bar

00:4729.09.2022
1
60002

«Türkmenistan» awiýakompaniýasy Kazan ― Türkmenabat aralygynda oktýabr aýyndaky gatnawlar üçin goşmaça orunlaryň peteginiň satylýandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda 5, 9 we 12-nji oktýabrdaky uçuşlar üçin petek tapyp bolýar. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky edarasynyň resmi saýty habar berdi.

Petekleri onlaýn görnüşde www.turkmenistanairlines.ru saýtyndan we awiakompaniýanyň Kazan, Moskwa hem-de Sankt-Peterburg şäherlerindäki kassalaryndan satyn alyp bolar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazan ― Türkmenabat aralygynda hepdede iki uçuşy amala aşyrýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň