Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada ýaş Geraklyň äpet heýkeli tapyldy

16:4128.09.2022
0
14824
Gresiýada ýaş Geraklyň äpet heýkeli tapyldy
Surat: reddit.com

Gresiýaly arheologlar ýaş Geraklyň mähnet heýkeliniň üstünden bardylar. Ol ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Filippa şäherinde tapyldy. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişlidir. Bu barada ýerli «Kathimerini» neşirine salgylanyp «MIR 24» ýazýar.

Habarda heýkeliň oňat ýagdaýda saklanandygy, kellesiniň we göwresiniň abatdygy, diňe sag eliniň hem-de bilinden aşakda sag aýagynyň ýetmeýändigi aýdylýar.

Ýaş Geraklyň çep elinde serdessedir sallanyp duran ýolbars şekillendirilipdir. Onuň kellesini bolsa üzüm ýapraklaryndan edilen jyga bezeýär, jyganyň uçlary gahrymanyň eginlerine düşüp dur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň