Filippinlerde ýurduň merkezi bölegindäki güýçli çabgalar sebäpli döwlet we bilim edaralary işlemegini togtatdylar. Bulaşyk howa netijesinde alty adam ejir çekdi diýip, Prezidentiň Kanselýariýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýurduň Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, alty adam dereksiz ýitdi, 35 müň töweregi raýat halas ediş merkezlerine ýerleşdirildi.
Habarda dowamly çabgalar bilen baglylykda, Manila paýtagt sebitinde we sekiz goňşy ülkede ýerli wagt bilen sagat 13.00-dan başlap, ähli döwlet edaralarynda işiň hem-de bilim ojaklarynda okuwlaryň ýatyrylandygy aýdylýar.