Özbegistana daşary ýurtlardan barýan jahankeşdeleriň sany şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýyllyk aňlatmada 50 göterime golaý artdy, iň köp jahankeşdeler Russiýadan geldi diýip, ýurduň Statistika boýunça milli komiteti habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Ýagny ýanwar-iýun aralygynda Özbegistana jahankeşdelik maksady bilen 783,7 müň syýahatçy bardy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 255,1 müň ýa-da 48,3 göterim köpdür.
Ýurda iň köp syýahatçy Russiýadan bardy – 166,6 müň jahankeşde, ikinji orny Türkmenistan eýeledi – 123 müň adam. Ilkinji üçlügi Gazagystan jemleýär – 77,7 müň jahankeşde. Ilkinji onluga şeýle-de Gyrgyzystan (71,6 müň), Täjigistan ((49,1 müň), Hytaý (39,1 müň), Türkiýe (29,3 müň), Hindistan (22 müň), Italiýa (18,6 müň) we Günorta Koreýa (14,9 müň) girdi.
Özbegistana şeýle-de Germaniýadan 14,7 müň we ABŞ-dan 13,2 müň adam syýahat etdi.

