Dünýäniň iň belent binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi

23:5327.09.2022
1
37993

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dünýäniň iň belent binasy bolan «Burj-Halifada» ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekilini bermek arkaly gutlady.

Şol gün bu ýere gelen ýüzlerçe syýahatçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirilen binanyň öňünde surata düşdüler.

Birleşen Arap Emirliklerinde bu däbe üç ýyldan bäri eýerilýändigini ýatladýarys.

«Burj-Halifa» binasy Dubaý şäherinde ýerleşýär. Onuň beýikligi 828 metre ýetýär. Bina 163 gatdan ybaratdyr. Bina 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda açyldy. Onda myhmanhana, ýaşaýyş jaýlary we söwda merkezleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň