Soňky habarlar

Arhiw

«Ingco» Türkmenistanda öz önümlerine tehniki taýdan hyzmat etmek hyzmatyny hödürleýär

11:3924.09.2022
0
36701
«Ingco» Türkmenistanda öz önümlerine tehniki taýdan hyzmat etmek hyzmatyny hödürleýär

Gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin iş gurallaryny öndürýän «Ingco» (Hytaý) kompaniýasynyň resmi wekili «Ingco» haryt nyşanynyň önümlerini ulanyjylara enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak hyzmatyny hödürleýär.

Hyzmat ediş merkeziniň tejribeli ussalary elektrik, pnewmatiki we el işi gurallarynyň abatlaýyş işlerini geçirýärler. Ol ýa-da beýleki tehnikanyň ähli kuwwatly we gowşak taraplaryny bilmekleri, şeýle-de näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça has täsirli usullara erk etmekleri «Ingco» kompaniýasynyň hünärmenlerine gurallary örän çalt we netijeli bejermäge mümkinçilik berýär.

«Ingco» kompaniýasy abatlaýyş-gurluşyk işleri üçin drelleri, şrupowýortlary, ýylmaýjy enjamlary, otwýortkalary, dürli görnüşli byçgylary, generatorlary, motopompalary, kebşirleme (swarka) enjamlaryny we başga-da köp sanly enjamlary, şeýle hem sarp ediş serişdelerini we iş lybaslaryny öndürýär.

Hyzmat ediş merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç. (Объездная), «Peýkam» binasy. Merkez duşenbeden şenbä sagat sagat 9-00 – 18-00 çenli işleýär. Şeýle-de bu binada «Ingco» dükany ýerleşýär, bu ýerde gurluşykçy-ussalar, santehnikler, neçjarlar (agaç ussalary) we beýlekiler işleri üçin gerek bolan ähli gurallary satyn alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44 ýa-da (+993 62) 32 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň