Babasadyk Çüriýewiň ýyladyşhana toplumynda ösdürilip ýetişdirilýän «Tokaýçy» haryt nyşanly kömelekler daşary ýurt bazaryna çykýar. Häzirki wagta çenli 165 tonnadan gowrak önüm goňşy Özbegistan Respublikasyna eksport edildi.
Ýyladyşhana hojalygy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Döwlet tarapyndan bölünip berlen 6 gektaryň 3 gektarynda häzirki zaman ýyladyşhanalary ýerleşýär. Bu ýerde her gün 1-1,5 tonna aralygynda kömelek öndürilýär. Önümçilik işleri içerki bazary üpjün etmek hem-de eksport möçberini giňeltmek maksady bilen işjeň dowam etdirilýär.
Esasy önümçilige goşmaça hökmünde, ýokary isleg bildirilýän şampinýon görnüşli kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin 1 gektar meýdanda täze ýyladyşhana gurmak işleri hem alnyp barylýar. Bu taslama bazaryň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar.
«Tokaýçy» kömelekleri ekologiýa taýdan arassa, tagamly we dürli-dürli aşhana maksatlary üçin amatlydyr. Bu önümler ýurduň çägindäki söwda nokatlaryna hem-de daşary ýurtlara iberilýär.
Önümleriň halkara hil standartlaryna laýyk gelmegi alyjylar tarapyndan ynamyň artmagyna we kärhananyň daşary ýurt bazarlaryndaky ornunyň pugtalanmagyna ýardam berýär.