Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler

13:4323.09.2022
0
37088

2023-nji ýylda Türkmenistanda möhüm çäreleriň birnäçesi ― Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilmegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda bu barada aýtmak bilen, saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Döwlet maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynyň dowamynda: «Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň hem uly ornunyň bardygyna, bu işde olaryň işjeň hereketleriniň uly meseleleri çözýändigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň