Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda Moskwada saparda bolar

14:3115.09.2022
0
25746
Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda Moskwada saparda bolar
Surat: ria.ru

Habar berşimiz ýaly, şu gün Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi.

Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, W.Putin duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn şahsy goşandynyň bardygyny belledi. Şoňa görä-de, G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanandygyny nygtady. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda täze sepgitlere ýetendigini belläp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýa Federasiýasynda saparda bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda parlament wekilleri, şeýle-de Russiýanyň döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşar.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň