«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ÝGPJ telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar

12:3607.09.2022
0
10706

Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyndan ugur alnyp, dünýä tejribesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde gatnaşmagynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.

«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerli işewürleri Türkmenistanda strategik taslamalara maýa goýmak isleýän halkara maýadarlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar ― diýip, türkmen metbugatynda ýazylýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 32-nji jaýy.

Telefon belgisi: +993 12 48-19-28, +993 12 48-19-38.

Elektron salgysy: turkmeninvest@sanly.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň