Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» sentýabr aýynda hepdede iki gezek ýolagçy gatnawyny amala aşyrar, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna täze rezolýusiýany işläp düzmegi teklip etdi, «Awazada» nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler

10:0416.08.2022
0
25303

1. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň we Stambulyň arasynda jemi 9 gezek ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar hepdede iki gezek – her duşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Ekonom-klas peteginiň bahasy – $698, biznes-klasyňky bolsa – $1495.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasyna «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardygyny, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdygyny belledi.

3. 17-22-nji awgust aralygynda «Awazadaky» «Deňiz Merjeni» dynç alyş merkeziniň kenarýakasynda (plýažynda) türkmen estrada ýyldyzlarynyň, tans toparlarynyň gatnaşmagynda we köpürjikli oturlyşyk bilen nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler. Onuň maksatnamasy esasynda alypbaryjy Kirill Olşanskiý, dijeýler диджеи Bats, Carvillo и Mad-M, aýdymçy Azat sesh, suratkeş Azimus Derýaýew we beýleki ýyldyzlar çykyş ederler. Çära gatnaşmaga 14 ýaşdan rugsat berilýär. Giriş nyrhy erkekler üçin – 300 manat, aýallar üçin – 200 manat.

4. Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň mekdebe gitmek islemezligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Munuň sebäbi nämede? Bu makalada çagaňyza näme üçin mekdebe gitmelidigini düşündirmegiň dogry ýollary hakynda gürrüň berilýär.

5. Türkmenistanda täze internet-dükany peýda bolar, ondan peýdaly elektronika harytlaryny we smartfonlar üçin aksessuarlary satyn alyp bilersiňiz. «Mobile tm» onlaýn-dükany ähli harytlar üçin bir aýlyk kepillik berýär, dowamly arzanladyşlar bolsa önümleri amatly bahalardan satyn almaga mümkinçilik döredýär.

6. «Fitch Ratings» halkara agentligi 2022-nji ýylyň hasabatyny köpçülige ýetirdi. Resminama laýyklykda, uzakmöhletleýin mümkinçiklerinden ugur alyp, agentlik Türkmenistana «B+ durnukly» derejesini berdi, bu görkeziji ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklaýar. Häzirki wagtda global derejede emele gelen kynçylyklara garamazdan, halkara reýting agentligi Türkmenistany ikinji gezek şeýle derejä laýyk gördi.

7. «Aýbölek» fabrigi Medeniýet ministrliginiň buýurmasy esasynda 1500 sany oturgyç öndürdi, olar geljekde ýurdumyzyň medeni-bilim edaralarynda peýdalanylar. Şeýle hem täze okuw ýyly mynasybetli mekdep mebelleriniň ondan gowrak görnüşini taýýarlamak boýunça gyzgalaňly işler alnyp barylýar. «Aýbölek» parta we oturgyç toplumlaryny, kitap tekjelerini we şkaflary, mugallumlar we dolandyryş edaralary üçin stollary we oturgyçlary ýaly dürli mebelleri öndürýär.

8. Ýer planetasynda ýaşaýan adamlaryň sany resmi taýdan 8 mlrd adama ýetdi we artmagyny dowam edýär. Planetamyzyň ýaşaýjylarynyň hakyky wagt ýagdaýyna görä sanyny kesgitleýän «Countrymetrics.info» portalynyň maglumatlaryna görä, erkekleriň sany 4 millarddan hem gowrakdyr. Aýallaryň sany bolsa 3,9 mlrd.

9. «Azerenerji» AGPJ Hazar deňziniň düýbünde 8 metr çuňlukdan sowuk suwy kynçylyksyz çekmäge mümkinçilik berýän 540 metr uzynlygyndaky estakadalaryň gurluşygyna girişdi. Bu suw ýurtdaky iň iri eletrik stansiýalarynyň biri bolan «Şimal» eletrik stansiýasynyň netijeli işlemegi üçin zerurdyr. Hazarda suwuň derejesiniň peselmegi zerarly sowuk suwy çekip almak kyn düşýär, bu ýagdaý geljekde eletrik stansiýasynyň işiniň tutuşlygyna togtamagyna getirip biler.

10. Rumyniýaly tennisçi zenan Simona Halep Torontoda «Masters» çempionatynda ýeňiji boldy. Final duşuşygynda ol Braziliýa wekilçilik edýän Beatris Haddad-Maýýudan 6:3, 2:6, 6:3 hasabynda üstün çykdy. Jemleýji oýun 2 sagat 18 minut dowam etdi. 30 ýaşly Halep çempionatdaky ýeňşi üçin 900 reýting utugyny we $430 müň dollar gazandy.

11. «Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu öz 11 ýaşly oglunyň sada we zähmetsöýer bolmagyny isleýändigini, şonuň üçin hem ony dogry ýoldan sowup biljek käbir zatlary ulanmagy gadagan edýändigini gürrüň berdi. Portugaliýaly futbolçy 11 ýaşly oglunyň bagt üçin käbir zatlardan geçmelidigine düşünmegini isleýär, şonuň üçin oňa öýjükli telefon ulanmagy hem gadagan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň