Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» sentýabr aýynda Türkmenistana 9 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

17:2015.08.2022
0
41046

«Turkish Airlines» şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat bilen Stambulyň arasynda 9 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar hepdede iki gezek - her duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Bu barada awiakompaniýanyň wekillerine salgylanyp, Orinet habar berýär

Habarda ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda howa gatnawynyň täzeden dikeltmegiň meýilleşdirilmeýändigi barada-da aýdylýar.

Turkish Airlinesiň sentýabr aýyndaky ýörite uçar gatnawlarynyň doly tertibi:

  • Stambul şäherinden ugraýan wagty- 17:00 (Aşgabat wagty bilen görkezilen);
  • Türkmenbaşy şäherine gonýan wagty - 19:55.
  • Türkmenbaşy şäherinden ugraýan wagty - 22:25;
  • Stambul şäherine gonýan wagty - 01:50.

Ýörite uçar gatnawlarynda ekonom klasyň bir taraplaýyn peteginiň bahasy 698 dollar, biznes klasynyňky bolsa - 1495 dollar. Ýolagçlara 40 kilograma çenli agyrlykdaky goş-golamlary mugt äkitmäge rusat edilýär.

Ýeri gelende bellesek, COVID-19 pandemiýasy sebäpli Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň