«Awtoýoly» haryt nyşanly awtoulag hyzmatlar merkezi we söwda dükanyna «BF Goodrich» hem-de «Michelin» brend görnüşli ýokary hilli tekerleriň dürli ölçegleri gelip gowuşdy.
«BF Goodrich» we «Michelin» tekerleri ulagyň tizligini, howa şertleri bilen utgaşyklylyk, ýol tutujylyk, ýangyç tygşytlylygy, rahatlyk we oňaýlylyk, ýerbe-ýerlilik gurluşyny döretmek ýaly häsiýetlere eýedir. Olaryň ýokary hil derejesi diňe bir sebitde däl-de, eýsem Ýer ýüzüniň ähli künjeginde kepillendirilip, giňden peýdalanylýar.
Awtoulagyň sarp ediş harytlaryny Türkmenistanyň ähli künjeginde alyjylara ýetirýän dükanda täze görnüşli tekerleri dakmak, olaryň ulanylyş aýratynlygy boýunça tejribeli hünärmenlerden zerur maslahatlary almak ýaly hyzmatlar hem ýetirilýär.
«Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynyň salgylary:
- Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi. Tel: +99312 75-40-09;
- Aşgabat ş., Ankara köçesi. Tel: +99312 45-48-16;
- Aşgabat ş., Berkarar SDAM. Tel: +99312 46-91-02.