Soňky habarlar

Arhiw

Ýolagçylary we ulaglary barlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi

16:0707.08.2022
0
20028

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Pandemiýa sebäpli deňiz portlarynyň howpsuzlygy we gözegçilik babatda häzirki zaman tejribelerini kämilleşdirmek» atly bäş günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we bu ugur boýunça halkara, milli hünärmenler hem gatnaşdylar diýip, gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatda deňiz ulag we logistika ugrunda işleýän milli hünärmenleri halkara tejribeleri we kadalary bilen tanyşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara hünärmenleriň çykyşlarynyň dowamynda okuw maslahata gatnaşyjylary deňiz howpsuzlygy, ýolagçylary, goşlary we ulaglary barlamak, şeýle hem wagtlaýyn we ykjam barlag nokatlarynyň işi bilen baglanyşykly halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň