Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň awtomobil mekdeplerinde 27 müňden gowrak adam okuw geçdi

10:3402.08.2022
0
16052

Türkmenistanda sürüjilik okuwlarynyň meşhurlygy günbe-günden artýar, muňa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň köpçülige ýetiren maglumatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Turkmenportal edaranyň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berýär.

Sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy käbir wezipelere bellenmek mümkinçiliginiň ep-esli artdyrýar. Sürüji wezipesi häzirki günde esasy isleg bildirilýän wezipeleriň biridir, sürüjilik şahadatnamasyny bolsa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginde ýörite okuwlary geçip almak mümkindir.

Awtomobil mekdepleriniň Birleşigi 1996-njy ýylda döredildi, 2020-nji ýylda bolsa «Aşgabat – Daşoguz» awtomobil geçelgesiniň ugrunda Awtomobil mekdepleriniň Birleşiginiň täze binasy açyldy.

Täze mekdep 100 380 inedöwrdül metr meýdany eýeleýär, onuň çäginde 52 sany awtomobil üçin niýetlenen duralga ýerleşýär. Okuwlar 14 sany okuw otaglarynda alnyp barylýar.

Diňe 2021-nji ýylda tutuş Türkmenistan boýunça sürüjilik okuwlaryny 27 müňden gowrak adam geçdi. Ýurt boýunça Birleşigiň düzüminde 39 sany awtomobil mekdepleri bardyr:

  • Aşgabat – 3 mekdep;
  • Ahal welaýaty – 6 mekdep;
  • Balkan welaýaty – 6 mekdep;
  • Daşoguz welaýaty – 5 mekdep;
  • Mary welaýaty – 11 mekdep;
  • Lebap welaýaty – 8 mekdep.

Birleşigiň düzümindäki awtomobil mekdeplerinde sürüjilik okuwlaryny okamaga kämillik ýaşyna ýeten, saglyk ýagdaýy boýunça ýaramsyzlygy bolmadyk we psihiatrda hem-de narkologda hasapda durmakdyk Türkmenistanyň raýatlarynyň hukugy bardyr.

Mundan başga-da, okuwlary Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk şahslar, şeýle-de ker-lal raýatlar hem geçip bilerler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň